Oba hojalygy: gant şugundyry ýygylýar
07.11.2025
Topraga ekleýjisi hökmünde garaýan zähmetsöýer kärendeçiler tutanýerlilik bilen zähmet çekip, ýylda ýerden iki hasyl alyp girdejilerini goşalandyrýarlar. Olar bugdaýdan boşan ýerlere aralyk ekinleri ekip, ýokary hasyl alýarlar we önüm bolçulygyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Kärendeçi daýhanlar bu ýyl hem aralyk ekin bolan gant şugundyrynyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Olar şu günlerde ýetişdiren hasyllaryny ýygnamak bilen meşgullanýarlar. Yhlasly çekilýän zähmetiň oňyn netije berýändigini ýetişdirilen gant şugundyrynyň mysalynda hem görmek bolýar. Welaýatymyzda gant şugundyrynyň agramly bölegi Garagum etrabynyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda etrabyň zähmetsöýer kärendeçileri 6000 gektar ýerde gant şugundyrynyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Etrabyň “Ak altyn”, “Baýramaly”, “Garagum kanaly” daýhan birleşikleri öňdebaryjylygy bilen tapawutlanýarlar. Olar galladan boşan meýdana aralyk ekini ekip, agrotehnikanyň talaplaryna görä idegini ýetirdiler.
Gant şugundyryny ýetişdirmek hysyrdyly iş bolup, ol köp zähmeti talap edýär. Onuň ekiliş möhleti tomsuň gyzgyn günlerine gabat gelýänligi sebäpli, ekilenden soň topragyň yzgaryny ýetirmek maksady bilen suwarmak işini dessine geçirmeli. Mundan başga-da, hatarara bejergi, otag, ýekeleme, iýmitlendiriş işlerini wagtly-wagtynda ýerine ýetirmeli. Her bir ýerine ýetirilýän işe çemeleşikli ýapyşmaly. Gant şugundyryny ýetişdirmekde, ýygnamakda «Maryşeker» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti kärendeçileri tehnika bilen üpjün edip, olara ýakyndan kömek berýär.
Her bir kärendeçi ene ýere yhlas siňdirip, ondan bol hasyl almak üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuwlaýarlar.
Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».