Bagtyýar zamananyň taryhy wakasy
04.09.2025
Her bir güni toýdur baýramlara beslenýän eziz Diýarymyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçildi. Ýurdumyzyň ähli ýerinde uludan baýram edilen bu baýramçylyk gününde welaýatymyzyň baýry ýokary okuw mekdebiniň — Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde 2000 orunlyk täze okuw binasy, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, ýapyk görnüşli sport desgasy açylyp, ulanylmaga berildi. Şeýle-de, Mary şäheriniň gözelligine gözellik çaýýan aýlawly ýoluň ugrundaky “Täze kuwwat” binasynyň açylmagy biziň her birimiziň şatlygymyzy goşalandyrdy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaş nesilleriň bilimli, ylymly, ilhalar ýaşlar bolup ýetişmeginde giň mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň buýurmasy esasynda “Röwşen” hususy kärhanasynyň ussat gurluşykçylary tarapyndan bina edilen Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň goşmaça okuw binasynda talyp ýaşlaryň oňat bilim almagy üçin ençeme amatly şertler döredilip, onda 50 we 80 orunlyk umumy okuw otaglary, kompýuter, lingafon, amaly okuw, okuw-tejribehana otaglary bar. Bulardan başga-da, binada “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkezi, muzeý, ýaş alymlar geňeşiniň otagy, kitaphana, elektron kitaphana, uly we kiçi IT meýdançalary, kibersport otagy, robototehnika we emeli intellekt okuw otagy, 500 orunlyk mejlisler zaly, kiçi mejlisler zaly, erkin döredijilik merkezi hem bolup, olar Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Ispaniýa Patyşalygynyň, Italiýa Respublikasynyň we beýleki birnäçe daşary ýurtlaryň dünýä belli kompaniýalarynyň iň kämil, döwrebap okuw enjamlary bilen enjamlaşdyrylypdyr.
Ýene-de bellemeli aýratyn zatlarymyzyň biri, ol hem binada ýagyş suwy üçin niýetlenen howuzlaryň bolmagydyr hem-de şol suwuň üsti bilen binanyň meýdançasynyň çägindäki baglary suwarmak mümkinçiliginiň döredilmegidir. Şeýle-de, binanyň üçeginde kuwwaty 132 kilowata deň bolan Gün panelleri oturdylyp, ol Gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwürmäge ýardam edip, täze binanyň yşyklandyrylyşyna özüniň oňyn täsirini ýetirer.
Täze goşmaça okuw binasynyň ýanaşyk çäklerinde iki gatdan ybarat bolan ýapyk görnüşli sport desgasynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi talyp ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagyna giň mümkinçilik döredýär. Sport bilen meşgullanmak üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän bu sport desgasynda ýerleşdirilen sport enjamlarynyň ýokary hillidigini aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda sport syýasatynyň ösdürilýändigine, sport bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Talyp ýaşlaryň oňat dynç almaklary, okuw derslerini özbaşdak özleşdirmekleri, birek-birek bilen pikir alşyp bilmekleri üçin giň mümkinçilikleri bolan dört gatly umumy ýaşaýyş jaýynyň hem ulanylmaga berilmegi diýseň buýsandyryjydyr.
Şäheriň gözelligine görk berip duran aýlawly ýoluň ugrundaky “Täze kuwwat” binasynyň aýratynlyklary babatynda aýdanymyzda, monumentde kuwwaty 30 kilowata deň bolan ýel elektrik stansiýasy we kuwwaty 15 kilowata deň bolan Gün elektrik stansiýasy ornaşdyrylypdyr. Ýel we Gün elektrik stansiýalarynyň kömegi bilen öndürilýän elektrik energiýasy onuň töwereginde ýerleşdirlen yşyklandyryş ulgamyna sarp edilip, ajaýyp bina aýratyn öwüşgin çaýar.
Şeýle amatly şertleri, giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýaşlaryň, professor-mugallymlaryň alkyşlary egsilmezdir.
Sülgün ŞADYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.