Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen welaýatymyzda bugdaý ekişine girişildi
04.09.2025
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 29-njy awgustynda geçirilen mejlisinde häzirki günlerde bugdaý ekişiniň ýakynlaşandygyna görä, gallaçy babadaýhanlarymyzyň öňünde wajyp wezipeleriň durýandygyny belläp geçdi. Bugdaý ekişi möwsümini bellenen möhletlerde, agrotehnikanyň talaplaryna laýyk, öz wagtynda we ýokary hilli geçirmegiň örän uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, ekiş möwsüminde geljek ýylyň bereketli hasylynyň düýbüniň tutulýandygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda şu ýylyň 3-nji sentýabryndan bugdaý ekişine ak pata berýändigini aýtdy we gadymyýetden gelýän asylly däbimize görä, bu möhüm çärä hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda badalga berilmelidigini belledi.
Welaýatymyzyň edermen gallaçylary geljek ýylyň hasyly üçin 170 müň gektar ýere bugdaý ekmegi meýilleşdirýärler. Jogapkärli ekiş möwsümine tehnikalar, ekijiler irgözinden gözden geçirilip, düýpli bejergi işleri geçirildi. Bu işlerde welaýat, etrap “Obahyzmat” önümçilik kärhanalarynyň hünärmenleri, abatlaýjy ussalary netijeli işjeňlik görkezdiler. Ýokary hasylyň ekişden başlanýandygyna oňat göz ýetirýän gallaçylar ýetip gelen bugdaý ekişine doly taýýarlykly geldiler.
Hormatly Prezidentimiziň ak patasyna eýerilip, welaýatymyzda täze ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine girişmeklige bagyşlanylyp, welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Oňa welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, şäher, etrap häkimleri, olaryň orunbasarlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar.
Maslahaty welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew açdy we gallaçy babadaýhanlarymyzyň bugdaý ekişine taýýarlykly gelendiklerini belläp geçdi. Welaýat häkimi öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine girişmäge ak pata bermegi bilen welaýatymyzda bu möhüm çärä guramaçylykly girişilip, ekişiň ýokary hilli, agrotehnikanyň kadalaryna laýyk, bellenilen möhletlerde geçiriljekdigine ynam bildirip, daýhanyň Hak howandary Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözleri aýtdy. Şeýle-de, bu maslahatda welaýat häkiminiň orunbasary Şagylyç Berdiýew, Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Duşak Annagulyýew, Sakarçäge etrabyndaky “Kuwwatly” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Rejep Şajaýew çykyş edip, bugdaý ekişine ýerleriň, tehnikanyň, tohumlyk dänäniň we beýleki gerek bolan zerur serişdeleriň taýýarlygy barada anyk maglumatlary aýtdylar.
Sakarçäge etrabynyň Daýhan geňeşliginiň çäginde alyslara ýaýylyp ýatan, bugdaý ekişine birkemsiz taýýarlanan ekin meýdanynyň ýakasynda yzyna ekijiler tirkelen traktorlar, giň meýdançada ýerleşdirilen tehnikanyň ätiýaçlyk şaýlary tehnikanyň ekişde bökdençsiz işlediljekdigine ynam döredýär. Toý gününi ýada salýan bezemen meýdançada aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanýar.
Tolgundyryjy pursat hem gelip ýetdi. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen il içinde hormatlanylýan ýaşulularymyz “Bismilla” bilen, ene topraga bereket tohumyny sepdiler. Bugdaý ekijileri tirkelen traktorlaryň sazlaşykly hereketi bilen ekişe girişildi.
Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATLARDA: welaýatymyzda täze ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine girişilmeginden pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.