Sport. Sport. Sport.
21.08.2025
Türkmenistanda sport ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Çünki, ýurdumyz halkara sport hyzmatdaşlygynyň merkezleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Türkmen sport ussatlary daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, öňdäki orunlara eýe bolup, ýaşyl Tugumyzy belentde parladýarlar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň iýul aýynyň 11 — 15-i aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Yssykköl welaýatynyň Çolpan-Ata şäherinde uniwersal söweş boýunça geçirilen Aziýa çempionatyna welaýatymyzdan hem türgenler gatnaşdylar. Olardan 18 — 20 ýaşly türgenleriň arasynda Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň 3-nji ýyl talyby Wepa Hojamämmedow 75 kilograma çenli agramda çykyş edip, 2 altyn medala, Wekilbazar etrabyndaky 1-nji sport mekdebiniň uçurymy, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby Azat Myradow 70 kilograma çenli agramda çykyş edip, 2 altyn medala eýe boldy. Ulularyň arasynda Döwletmyrat Bäşimow 95 kilograma çenli agramda çykyş edip, 1 altyn, 1 bürünç medaly eýeledi. 14 — 15 ýaşly türgenleriň arasynda Toýly Bazarow hem 65 kilograma çenli agramda çykyş edip, 2 kümüş medala eýe boldy. 16 — 17 ýaşly türgenleriň arasynda Merdan Artykow bolsa 2 bürünç medala eýe boldy. Wekilbazar etrabyndaky 1-nji sport mekdebiniň uniwersal söweş boýunça tälimçisi, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Nagmat Hojamämmedow Grand Masters ýaryşynda 1 altyn, 1 kümüş medala hem-de pyçagyň sport zyňylyşy görnüşinde 1 altyn medala eýe boldy.
Şeýle hem biziň türgenlerimiz şu ýylyň iýul aýynyň 17 — 20-si aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Andijan şäherinde geçirilen Wuksa garyşyk söweş sungaty boýunça dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler. Olardan Wepa Hojamämmedow 2 altyn, 1 kümüş, Agajuma Bazarow 2 altyn, Didar Mommyýew 2 altyn, Döwletmyrat Bäşimow 1 altyn, Merdan Artykow 1 altyn, 1 bürünç, Ylham Şatlykow 1 altyn, 1 kümüş, Bilal Guwanjow 1 altyn, 1 bürünç, Alyşir Ýazdurdyýew 1 altyn, 1 bürünç, Toýly Bazarow 2 kümüş hem-de Azat Myradow 1 bürünç medallaryň eýeleri boldular.
Mundan başga-da, Wuksa garyşyk söweş sungaty boýunça dünýä çempionatynda 1 altyn medala eýe bolan ussat tälimçimiz Nagmat Hojamämmedowa «Halkara derejeli emin» hem-de «Halkara derejeli tälimçi» diýen sertifikatyň gowşurylmagy welaýatymyzyň ähli tälimçilerini we türgenlerini örän begendirdi.
Ýokarda atlary agzalan sport ussatlaryna mundan beýlägem uly ýeňişleriň we üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.
Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: halkara ýaryşlaryna gatnaşan
baş tälimçi we onuň türgenleri.