Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Döwür. Çaga. Terbiýe.

28.08.2025

Döwletimizde körpe nesil hakynda alada ösüşli zamanamyzyň ýokary talabyna laýyk ýola goýulýar. Muňa biziň çagalar bagymyzda bitirilýän netijeli işlerdenem göz ýetirmek bolýar. Bu ýerde körpeleriň onlarçasy terbiýelenip, olar barada ýadawsyz alada edilýär. Çagalar bagymyzda körpeleriň bilimiň uç-gyraksyz giňişligine tarap ilkinji ädimleri ätmekleri, wagtlaryny hoş geçirmekleri ugrunda yhlasly tagallalar edilýär.

Zähmetsöýer terbiýeçilerimiz çagalary mähir we uly alada bilen gurşap, olaryň aýdym aýdyp, tans etmegi, goşgy okamagy öwrenmeklerine üns berýärler. Aýratynam, körpelerde türkmen halk ertekileri uly gyzyklanma döredýär. Şol ertekiler esasynda oglanjyklardyr gyzjagazlaryň özleriniň gatnaşmaklarynda guralýan gysgajyk sahnalar ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Aýdym aýtmak, tans etmek boýunça geçirilýän terbiýeçilik ähmiýetli bäsleşiklere-de körpeler höwes bilen gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Şeýle hem çagalaryň dürli oýunlara gümra bolmaklaram olaryň wagtlaryny gyzykly geçirmeklerine ýardam edýär. Mekdebe taýýarlaýyş toparda terbiýelenýän çagalaryň okap, ýazyp, goşup we aýryp bilmegiň ilkinji endiklerini ykjam ele almaklary ugrundaky yhlasymyz hem ýerine düşýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ösüp gelýän nesil hakynda edýän şu günki ýadawsyz aladamyz abadan, bagtyýar ertirimiziň kepilidir. Şonuň üçinem bagymyzda çagalara terbiýe berip, täze eýýamymyzyň mynasyp ýaşlaryny ýetişdirmekde yhlas-tagalla edýäris. Biz döredijilikli zähmetimiz bilen şanly ýylymyzy ýokary netijeler bilen tamamlamaga çalyşýarys.

Aýbölek GURBANMYRADOWA.
Wekilbazar etrabyndaky 1-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, KA-nyň işjeň agzasy.