Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Welaýatymyzda galla oragyna guramaçylykly girişildi

05.06.2025

Il arasynda, daýhan deriniň zerine, mukaddeslige deňelýän ak bugdaý bereketli topragymyzda gadymyýetden bäri ösdürilip ýetişdirilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem ak bugdaýyň mekany bolan bagtyýar Watanymyzda edermen gallaçylarymyzyň yhlasly zähmeti bilen bugdaýyň bol hasyly ýetişdirildi. Bu ýylyň galla hasylyny isrip etmän öz wagtynda ýygnap almak, galla oragyny üstünlikli we netijeli geçirmek bolsa şu günüň iň wajyp wezipesidir.

Welaýatymyz boýunça 345 müň tonna guşgursak ak bugdaýy taýýarlamagy wezipe edinýän zähmetsöýer gallaçylarymyz özleriniň erjel we tutanýerli zähmetiniň netijesinde 170 müň gektarda gallanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Olar galla oragyna ýokary taýýarlykly geldiler.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 29-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň gallaçylarynyň yhlasly zähmeti bilen ýerlerde ak ekiniň bol hasylynyň ýetişdirilendigini belläp geçdi. Ýetişdirilen galla hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almak, orak möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen galla oragyna başlamaga ak pata berip, asylly däbe eýerip, il sylagly ýaşulularyň ýerlerde galla oragyny “Bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Bu bolsa welaýatymyzyň gallaçylaryny öndürijilikli zähmet çekmeklige ruhlandyrdy.

Galla oragyna taýýarlygyň guramaçylyk derejesi, oragy netijeli, gysga möhletde geçirmek bilen bagly öňde durýan wajyp wezipeler boýunça welaýat häkimliginde tejribe maslahaty geçirildi. Maslahaty welaýat häkimi Begençmyrat Orazow açdy we alyp bardy. Welaýatyň häkimi öz çykyşynda şu ýylyň 4-nji iýunynda galla oragyna girişmäge gallaçylarymyza hormatly Prezidentimiziň ak pata berendigini aýtdy. Şeýle hem ol öz çykyşynda oba hojalyk pudagy boýunça özgertmeler we ösüşler barada gürrüň edip, şu günlerde alnyp barylýan işler dogrusynda nygtap geçdi.

Tejribe maslahatynda welaýat häkiminiň orunbasary Şagylyç Berdiýew hem çykyş etdi. Ol öz çykyşynda ýerlerde bol hasylyň ýetişdirilendigini, hasyly çalt we iň soňky dänesine çenli ýygnap almak boýunça görlen taýýarlyk barada belläp geçdi.

Şeýle hem bu maslahatda “Marygallaönümleri” önümçilik birleşiginiň baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şöhrat Begenjow, Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Allaberdi Çaryýew, Wekilbazar etrabynyň “Bereket” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Sähetmyrat Nökerow, Ýolöten etrabyndan “Merdem zähmetkeş” daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Ahmet Rahiýew çykyş edip, möhüm möwsüm bolan galla oragyna başlanmagy bilen hemmeleri gutladylar. Daýhana berýän hemaýat-goldawlary, satyn alnyp berilýän kämil tehnikalary, awtoulaglary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Daş-töweregi kombaýnlar, awtoulaglar, oraga dahylly oba hojalyk gurallary hatara goýlan altyn başly bugdaýly meýdan Wekilbazar etrabynyň Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň ekinzarlygy. Tyllaýy bugdaý başyny aşak salyp tolkun atýan galla meýdanyny, tehnikalary synlanyňda buýsanç duýgusy kalbyňy gaplap alýar. Galla oragynda hiç hili päsgelçiligiň bolmajakdygyna ynamyň artýar.

Şatlyk-şowhuna beslenip garaşylan möhüm pursat hem gelip ýetdi. Elleri orakly ýaşulular hormatly Prezidentimiziň ak patasyna eýerip, “Bismilla, ýylymyz bereketli, desterhanymyz çörekli bolsun!” diýip, oraga badalga berdiler. Kombaýnlaryň sazlaşykly hereketi bilen atyzlar altynbaş bugdaýdan saplanyp başlady. Guşgursak altyn dänäniň batly akymy awtoulaglaryň çelegini dolduryp bolçulygyň buşlukçysy boldy.

Harmanyňyza bereket, edermen gallaçylar! Ýylyňyz bereketli bolsun!

Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATLARDA: galla oragyndan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.