
1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
29.05.2025
“Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr” diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bu günki gün baldan süýji balalarymyzyň bagtyýar geljegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Gözümiziň göreji bolan balalarymyzyň geljeginiň ýagty, äden ädimleriniň şowly, ylymdan, bilimden paýly bolmagy ugrunda ençeme işler durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzyň çar-künjeginde ýaş nesillerimiziň sagdyn ösüp, berk bedenli, ylymly-bilimli, ata-enesine, hormatly Prezidentimize, il-halkymyza, ata Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalar edilýär. Çagalaryň döwür bilen aýakdaş gitmegi, döwrebap mümkinçiliklerde göwnejaý dynç almagy üçin-de beýik işler alnyp barylýar.
Asman päkligi ýaly päkize çagalaryň şanyna bütin dünýäde uly baýram edilýändigi hemmämize mälimdir. Has takygy, 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni ýurdumyzyň ähli künjeginde uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär. Şol gün çagalar ene-atalary bilen ýurdumyzyň ähli ýerlerinde guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşýarlar. Esasan-da, körpeler ýurdumyzda, şol sanda biziň welaýatymyzda-da çagalar üçin niýetlenen ähli seýilgählerde guralýan ajaýyp dabaralara gatnaşyp, wagtlaryny hoş geçirýärler. Bu ajaýyp senede Watanymyzyň geljegi bolan çagalaryň şanyna aýdym-sazlar belentden-belent ýaňlanýar, şatlyk-şowhunly pursatlara giň orun berilýär.
Sülgün ŞADYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
