
Bilimli nesil — kuwwatly Watan
22.05.2025
Ýolöten etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň fizika mugallymy Aýsona Çaryýewa we taryh mugallymy Aýnabat Halylowa halypa-şägirtlik ýörelgesine eýerip, mekdebiň ýaş mugallymlaryna görelde görkezýärler. Mekdebiň başlangyç synp mugallymy Bahar Ýazmyradowa hem ýaş nesilleriň bilimli, terbiýeli, sowatly, Watanymyza, il-günümize, hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlar bolup ýetişmegi üçin tutanýerli zähmet çekýär. Bahar mugallym ýokarda ady agzalan halypa mugallymlar bilen ýygy-ýygydan pikir alşyp, olaryň maslahatlaryna eýerýär.
Bahar mugallym çagalara bilim-terbiýe bermekde her bir sapakda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplaryndan peýdalanýar. Bu bolsa çagalaryň watansöýüji, ruhubelent, kämil adamlar bolup ýetişmegine uly ýardam edýär.
SURATDA: mugallym Bahar Ýazmyradowanyň halypalary bilen pikir alşyp duran pursady.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.
