
Bilimli nesil — kuwwatly Watan
15.05.2025
Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda alyp barýan beýik işlerine esaslanyp, yhlasly zähmet çekýän mugallymlaryň biri-de Suraý Seýitmyradowadyr.
Suraý mugallym Baýramaly şäherindäki 18-nji orta mekdepde okuwçylara himiýa dersi boýunça sapak berýär. Ol ýaş nesillerimiziň bilimini ýokarlandyrmakda innowasion tehnologiýalardan — — kompýuterden hem-de multimediýa tagtasyndan peýdalanýar.
Bu kärde 2017-nji ýyldan bäri zähmet çekip gelýän mugallymyň okuwçylary dürli bäsleşiklere gatnaşyp, oňat netijeleri gazanýarlar. Mugallymyň yhlasy bilen okuwçylar himiýa dersi boýunça ençeme maglumatlary öwrenýärler we mugallym bilen birlikde dürli tejribelikleri geçirýärler. Munuň özi ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn bilimli bolmagyna getirýär.
SURATDA: Suraý
Seýitmyradowa okuwçylar bilen sapak wagtynda.
Surata düşüren Döwlet MUHAMOW.
