Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna

08.05.2025

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 1941 —1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy ýurdumyzyň ähli ýerinde giňden bellenilýär. 80 ýyl mundan ozal döşi ordenli sag-salamat ojagyna dolanyp gelen Aýdogdy Amadyýew häzirki wagtda 108 ýaşynda agtyk-çowluklarynyň, ýuwluk-gowluklarynyň arasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne buýsanyp otyr. Gürrüňini edýän gahrymanymyz 1917-nji ýylda Mary etrabynyň Peşanaly obasynda doglup, aýgytly söweşlere gatnaşyp, Beýik Ýeňşi gazanan gahrymanlar bilen bir hatarda durmagy başardy.

Bu günki baýram gününde edermen gahrymanyň Garaşsyz, baky Bitarap döwrümize bolan guwanjy has-da uly. Ol ýaş nesillere ata Watany, ene topragy, asuda asmanymyzy gözüň göreji deý goramalydygyny, söýmelidigini nygtaýar.

Edermen Watan goragçysyna Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndan 200 manat pul sowgady we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Biz hem uruş weteranyna bagtyýar neberesine, il-gününe, döwletimiziň ajaýyp ösüşlerine guwanyp ýaşamagyny arzuw edýäris.

Goý, Watan üçin şirin janlaryny döz gelen merdana gerçeklerimiz ebedi ýaşasyn! Ýurdumyz hemişe parahat bolsun!

Aýparça AKYMOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: uruş weterany
Aýdogdy Amadyýewe sowgat gowşurylyş dabarasyndan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.