Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Ýürek buýsanjy

01.05.2025

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçilen Türkmen bedewiniň milli baýramy meniň ömrümde iň üýtgeşik, göwün guşumy ganatlandyran waka boldy. Maňa Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly at dakyldy.

Şeýle hem welaýat atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk at çapyşygynda halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen çapyşykda öz bijäme düşen Döwletli atly ýyndam bedew bilen ýeňiji bolmagy başardym. Döwletli 1000 metr aralygy 1 minut 5,39 sekuntda geçip, pellehana birinji bolup gelmegi başardy. Maňa bu gazanan ýeňşim üçin hormatly Prezidentimiziň baş baýragy — “Toyota Fortuner” kysymly ýeňil awtoulagy berildi.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz aladalary netijesinde türkmen bedewiniň şan-şöhraty bütin dünýä ýaň salýar, halypa-şägirtlik ýoly ösdürilip, kämil derejä çykýar.

Gaýgysyz HANDURDYÝEW.
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Mary döwlet athanasynyň çapyksuwary,
Türkmenistanyň at gazanan atşynasy.