Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

24.04.2025

Ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýýan wezipelerinden ugur alýan mekdebimiziň zähmetsöýer mugallymlary yhlasly zähmet çekýärler. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny uly üstünliklere beslemegi maksat edinýän bilim işgärleriniň yhlas-tagallalary ýerine düşýär. Ýaş nesle durnukly bilim, mynasyp terbiýe bermekde tutanýerli zähmet çekýän bilim işgärleri wezipe-borçlaryna jogapkärli çemeleşýärler.

Bilşimiz ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Bilim ojaklarynyň kompýuterler, multimediýa tehnologiýalary, tehniki serişdeler bilen üpjünçiligi ýokarlanýar. Mugallymlaryň iş we durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyna uly üns berilýär. Mekdebimizde bilim işgärleriniň iş şertlerini we mümkinçiliklerini gowulandyrmakda edilýän yhlas-tagallalaram ýerine düşüp, olaryň has netijeli zähmet çekmeklerine ýardam edýär. Biz şanly wakalara baý bolan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny zähmet ýeňişleri bilen dabaralandyrmagy maksat edinýäris.

Käbe ALTYÝEWA.
Wekilbazar etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň işgäri,
KA-nyň işjeň agzasy.