Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Milli buýsanjymyz

17.04.2025

Her bir döwlet özüniň gadymy sungaty we gymmatlyklary bilen tanalýar. Biziň döwletimiz özüniň şaý-sepleri, milli eserleri, saryja goýny, alabaý iti, türkmen halysy, özüniň saz sungaty, milli edebi we däp-dessurlary aýratynam, türkmen bedewi bilen tanalýan halkdyr. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny, at-abraýyny dünýäde has-da belende götermek, naýbaşy bedewleri saýlap seçmäge, tohumçylyk işlerini kämilleşdirmäge uly üns berilýär.

Ahalteke bedewleri türkmeniň milli mirasynyň naýbaşysydyr. Ahalteke bedewleri Beýik Biribaryň türkmene beren ajaýyp peşgeşidir. Arkama-arka gelýän atşynaslarymyz tarapyndan mähir siňdirilip ýetilen beýik sungatdyr. Türkmen halky öz atyny sarpalamak bilen Türkmenistanyň döwlet tugrasynda ahalteke atynyň keşbini şekillendiripdir. Türkmen zergärleri altyn-kümüşden şaý-sepleri ýasap, behişdi bedewleri bezäpdirler. Halkymyz işiginde odun-ojagy we aty bolan öýi döwletli öý hasaplapdyr.

At türkmenler üçin ähli dünýä baýlygyndan ýokarda durýar. Atyna atlanan türkmeniň örän gaýduwsyz, batyr we algyr guş ýaly, çalasyn bolýandygyny, taryhçylar ýazypdyrlar. Bedew ak öýleriň gapysyna janly nagyş ýaly gelşik berýär. Onuň buýsançly durşy gözlerimiziň guwanjyna öwrülýär.

Bahar KADYRGULYÝEWA.
Mary şäheriniň merkezi şäher kitaphanasynyň 1-nji şahamçasynyň müdiri,

TDP-niň işjeň agzasy.