Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

10.04.2025

Şu günler ýüpekçiler gyzgalaňly döwri başdan geçirýärler. Bu döwür gysga wagt bolsa-da jogapkärçiligi, irginsiz zähmeti talap edýär. Munuň şeýledigine oňat düşünýän ýüpekçiler ýazyň ilkinji günlerinden başlap, gurçuk idediljek jaýlary möwsüme taýýar edip goýdular. Şeýle-de piläni köp taýýarlamak üçin ýüpek gurçugynyň iýmiti bolan tut ýapraklarynyň bolçulygyny döretmeli. Muňa gowy düşünýän ýüpekçiler tut nahallarynyň ýüzlerçe düýbini oturtdylar, öňki bar bolan tut agaçlarynyň idegini ýetirdiler.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda welaýatymyzyň zähmetsöýer ýüpekçileri möwsümde 11227 guty gurçuk tohumyndan meýilnama boýunça 410 tonna piläni taýýarlamak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Olar ýüpek gurçuklarynyň idedilýän jaýynyň ýylylyk, çyglylyk derejesini kadaly saklap, tut ýapraklaryny arassa, ter görnüşde berip, ýokary hilli piläni almak ugrunda aladalanýarlar. Edilýän aladanyň netijesinde dürli önümler üçin gymmatly çig mal bolup hyzmat edýän piläniň hili gowulanýar. Bildirilýän talaplaryň gyşarnyksyz ýagdaýda berjaý edilmegi özüniň oňyn netijelerini berer. Tagtabazar, Ýolöten, Baýramaly etraplarynyň tejribeli ýüpekçileri işlerini göwnejaý ýerine ýetirmekde aýratyn tapawutlanýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýüpekçileriň yhlasly we öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şeýle-de, olaryň halal zähmetine mynasyp baha berilýär. Biz hem edermen pileçilere yhlaslarynyň ýerine düşmegini, girdejileriniň bereketli bolmagyny arzuwlaýarys.

Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».