Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Ählihalk bag ekmek dabarasyna

20.03.2025

Ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda daşky gurşawa aýawly garamak, ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak, ýaşyl zolaklaryň çägini giňeltmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Tebigata, daşky gurşawa degişli kanunlar, kararlar kabul edilýär. Umumadamzat bähbitli meseleleri çözmek boýunça ylmy-amaly maslahatlar, halkara forumlar yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek barada alnyp barylýan işleriň netijesinde Watanymyz has-da gözelleşýär.

Ýurdumyzda iki möwsümde — — ýazda we güýzde bag ekmek dabarasy hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda geçirilýär. Bu çäräniň yzygiderli geçirilmegi tokaý zolaklarynyň giňemeginde, howanyň arassalanmagynda uly ähmiýete eýedir. Şeýle-de, ýaş nesillerimizde zähmetsöýerligi terbiýelemekde, topragymyza, onuň baýlyklaryna bolan söýgini artdyrmakda täsiri uludyr.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 22-nji martynda ýurdumyzda bag ekmek dabarasyna badalga berler. Oňa ildeşlerimiz uly ruhubelentlik we işjeňlik bilen gatnaşarlar. Welaýatymyzyň ýaşaýjylary ýazky bag ekmek çäresine işjeň taýýarlyk görýärler. Üstümizdäki ýylda hem saýaly, pürli, miweli baglaryň müňlerçe düýbi köpçülikleýin oturdylar. Şeýle hem öňki bar bolan baglaryň idegi ýetiriler. Sogaply işe gatnaşmak her birimiziň borjumyzdyr.

Eziz Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, tebigatymyzy aýawly gorap saklamakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».