Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Welaýat zenanlar bölüminde

30.01.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Beýik ösüşlerimize mynasyp goşant goşýan türkmen zenanlarynyň bagtyýar ýaşamagy, yhlasly zähmet çekmegi, joşgunly döretmegi üçin uly aladalar edilýär. Şeýle aladalaryň netijesinde welaýat zenanlar bölüminde alnyp barylýan işler hem guramaçylykly ýola goýulýar.

Hepdäniň duşenbe güni welaýat kitaphanasynyň uly mejlisler zalynda geçirilen hasabat ýygnagy welaýat zenanlar bölümi tarapyndan guraldy. Oňa welaýat, etrap, şäher zenanlar bölümleriniň başlyklary we işjeň agzalary, welaýat zenanlar bölüminiň geňeş agzalary, edara-kärhanalardaky ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary, mährem eneler we talyp gyzlar gatnaşdylar. Ýygnakda 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýat zenanlar bölüminiň alyp baran işleri barada hasabat bermek, 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly üçin iş meýilnamasyny tassyklamak, geňeşiň düzümine üýtgetme girizmek, welaýat, etrap, şäher bölümleri tarapyndan zenanlaryň we okuwçy gyzlaryň arasynda arassa ahlak terbiýesi, maşgala mukaddesligi, milli däp-dessurlarymyz hem-de el işlerimiz barada wagyz-nesihat çärelerini geçirmek ýaly meselelere garaldy.

Hasabat ýygnagynda welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Çemen Akyýewa çykyş edip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýat zenanlar bölümi tarapyndan ýerine ýetirilen işler, dürli kärde zähmet çekýän zenanlaryň gazanan üstünlikleri barada giňişleýin durup geçdi. Şeýle hem welaýat, etrap, şäher zenanlar bölümleri tarapyndan guralan dürli medeni çäreleriň, dabaralaryň, maslahatlaryň ýokary guramaçylykly geçirilendigini nygtap, welaýatymyzyň zähmetsöýer zenanlaryna 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Bu ýerde welaýat zenanlar bölüminiň geňeş agzalary hem 2024-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň hasabaty boýunça çykyş etdiler. Çykyş edenler hasabat döwründe welaýat zenanlar bölüminde alnyp barlan işlere kanagatlanarly baha bermek bilen, mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekip, mähriban Watanymyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Zenan bagtyýarlygy ugrunda uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.

Bahargül MEJIDOWA.

«Maru — şahu jahan».
TZB-niň welaýat bölüminiň geňeş agzasy.
SURATLARDA: hasabat ýygnagyndan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.