Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Il saglygy — ýurt baýlygy

02.05.2024

Ynsan saglygyna peýdaly, köp witaminlere baý ekinleriň biri ýaşyl turpdur. Ýaşyl turpy işdäaçarlara goşup iýseň, iýmit siňdiriş ulgamyny işjeňleşdirýär. Özünde A witamini saklaýandygy üçin turpy nerw ulgamy bozulan, görşi peselen adamlara iýmek maslahat berilýär. Çünki, turp nerw ulgamynyň işi bozulanda gan emele getiriş prosesini gowulandyrýar. Turp kaliý duzuna baý bolansoň, immunitetiňi dikeltmek üçin örän peýdalydyr. Onuň düzüminde B witamini hem bar. Bu bolsa madda çalşygy üçin möhümdir.

Alymlaryň bellemegine görä, turpuň mikroblary öldürmek ukyby ýokarydyr. Şonuň üçin ony bedenimizde bolýan dürli çiş kesellerinde peýdalanmak mümkindir. Turpuň gripp, bronhit, öýken çişmesi, gökbogma ýaly kesellerde, mundan başga-da, bedende iýmit siňdirişiň bozulmagynda, iç gatamanyň, süýji keseliň öňüni almakda hem ähmiýeti uludyr.

Turpy gastrit, aşgazanyň we onkibarmak içegäniň baş keselinde, böwrek we içege kesellilere köp iýmek maslahat berilmeýär.

Ýokarda aýdylanlardan görnüşi ýaly, turp köp derdiň dermanydyr.

Aýgül NURLYÝEWA.

S. A. Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy, TZB-niň işjeň agzasy.