Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

02.05.2024

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaşlaryň bilimli, zehinli bolmagy ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçiliklerden peýdalanýan bilim işgärleri öz yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýärler. Şeýle mugallymlaryň biri-de Nursähet Babalyýewdir. Ýaş nesillere bilim bermekde yhlasyny gaýgyrmaýan, uly abraýdan peýdalanýan Nursähet mugallym Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetini tamamlap, dürli ýerlerde zähmet çekýär. Mugallym häzirki wagtda Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebinde okuwçylara bilim berýär. Onuň bilim berýän okuwçylary geçirilýän bäsleşiklerde tapawutlanýarlar.

Nursähet mugallym 35 ýyl bäri okuwçylaryň bilimli, ata Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda yhlasyny gaýgyrman işleýär. Zähmetsöýer, hünäriniň ussady bolan mugallyma ene-atalar çäksiz sagbolsunlaryny aýdýarlar. Mugallymyň soňky ýyllarda ýokary okuw mekdebini tamamlaýan ýaşlara halypalyk edýändigini aýratyn bellemek gerek.

SURATDA: Nursähet Babalyýew sapak wagtynda.

Surata düşüren Şamyrat AMADOW.