Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Ajap eýýamymyzyň binalary

18.04.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen halky döwletli döwranyna guwanyp, gurýar we döredýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyz ýeňişleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Eziz Watanymyzyň depginli ösüş ýoly 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryny baýdak edinýän türkmen ili ajap eýýamymyzyň her bir gününi zähmet üstünliklerine beslemek maksady bilen döredijilikli zähmet çekýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli işleriň bady barha artýar. Şol tutumly tagallalaryň maksadam milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmekden, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Öňdebaryjy tehnologiýaly kärhanalaryň gurluşygy bilen birlikde, medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşygyna-da uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş saparynda bize ýene bir şatlykly wakanyň şaýady bolmak bagty miýesser etdi. Has takygy, Mary şäheriniň günbatarynda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň bina edilip, ulanylmaga berilmegi welaýat merkezimiziň keşbini has-da gözelleşdirdi. Paýly gurluşygyň hasabyna bina edilen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň ýokary hilliligi göwünleri galkyndyrýar. Bu ýerde göze gelüwli ýaşaýyş jaý toplumy emele gelip, ony synladygyňça synlasyň gelýär. Bu ýaşaýyş jaý toplumyny “Ojar Aziýa” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler. Olaryň yhlas siňdirip, döredijilikli zähmetinden kemala gelen owadan jaýlary, arassa, göni köçeleri synlanyňda gurluşykçylarymyzyň ussatlyklary guwandyrýar. Bu toplumda kottež jaýlaryň 59-sy ulanylmaga berildi. 6 otagly, iki gatly bu ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň birinji gatynda garaž, kömekçi hojalyk maksatly otag hem täze jaýlaryň ýaşaýjylary üçin goşmaça amatlyklar döredilipdir. Bulardan başga-da, gelşikli jaýlaryň her biriniň ýanynda 8 sotok mellek ýeriniň barlygyny hem ýatlamalydyrys. Dogrusy, synlanyňda haýran galdyrýan täze ýaşaýyş jaý toplumy “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasatyň il-gün bähbitli tutumly işlerde üstünlikli durmuşa geçirilýändigine ýene-de bir gezek göz ýetirýärsiň.

Döwlet Baştutanymyzyň welaýatymyza saparyna gabat gelen bu şatlykly wakanyň dabarasy alyslara aşdy. Täze ýaşaýyş jaý toplumynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabarada aýdym-sazlaryň şirin owazy belentden ýaňlanyp, tansçylaryň şowhunly çykyşlary ýokary ruhubelentligi döretdi.

A. BAÝRAMOW.

SURATLARDA: dabaradan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.