Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

7-nji aprel — Bütindünýä saglyk güni

05.04.2024

Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, dikeltmek hem bejermek ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda beýik işler giň gerimde alnyp barylýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglyk edaralary gurlup, ulanylmaga berilýär, öňden bar bolan saglyk merkezleridir öýleriniň durky täzelenip, döwrebaplaşdyrylýar. Olar ýokary hilli lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilýär. Şeýle tutumly işleriň amala aşyrylmagy saglyk ulgamynda zähmet çekýän ak ýektaýly lukmanlarymyzy has-da begendirýär.

Eziz Diýarymyzda “Bütindünýä saglyk güni”, “Bütindünýä donorlar güni”, “Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni” ýaly belli günler giňden bellenilip geçilýär. Şeýle-de, ynsan saglygyny goramak maksady bilen dürli keselleriň öňüni almagy ilat arasynda wagyz etmek üçin biraýlyklar meýilnama esasynda guralýar.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni dünýäniň ähli künjeginde bellenilip geçilýär. Şol sanda, biziň ýurdumyzda-da bu güne aýratyn ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda-da Bütindünýä saglyk güni uly dabara bilen bellenilip geçirilýär. Umuman aýdanymyzda, aprel aýy “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň” aýy hasaplanylýar. Bu aýyň dowamynda ynsan saglygyna oňaýly täsir edýän maşklar ýerine ýetirilýär, welosipedli ýörişler, sport ýaryşlary yzygiderli guralýar. Bu bolsa hemmeleriň sagdyn bolmagyna oňyn täsir edýär.

Sülgün ŞADYÝEWA.

“Maru — şahu jahan”.