Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Il saglygy — ýurt baýlygy

16.03.2024

Sport bilen dostluk, ilki bilen, irki maşklary ýerine ýetirmek bilen başlanýar. Irki beden maşklary adama säher bilen aňsat oýanmaga itergi berýär, ertirlik naharyň oňat siňmegine ýardam edýär, beden myşsalaryny we süňk bogunlaryny berkidýär, beýniniň gan aýlanyşygyny, nerw ulgamynyň işjeňligini artdyrýar, bedeniň kesellere garşy durumlylygyny ýokarlandyrýar. Gijeki ukudan soň oýanan badyňa ýerine ýetirilýän irki maşklar, tutuş bedeniňe ýeňillik, synalaryňa ýazylganlyk bagyşlaýar, göwnüňi göterýär, durmuşa höwesiňi artdyrýar, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Irki maşklar her bir ýaşda-da peýdalydyr, olaryň ýerine ýetirilmegi üçin aýratyn wagt ýa-da uly bir güýç talap edilmeýär. Çagalar, göwreli aýallar, ýaşy gartaşan adamlar, hatda kiçi ýaşly çagalar üçin hem beden maşklarynyň ähmiýeti uludyr.

Irki beden maşklarynyň has peýdaly bolmagy üçin käbir kadalary berjaý etmek zerurdyr. Maşklary synalary ýazmakdan, ýeňil hereketlerden başlamaly, soň olaryň agramyny kem-kemden artdyrmaly. Esasy şerti irki maşklary özüňe zor salyp däl-de, höwes bilen ýerine ýetirmelidir, hereketleriň erkin we sazlaşykly bolmalydyr. Irki maşklary takmynan 20 minut ýerine ýetirmeli. Irki maşklary her gün irden etmek maslahat berilýär.

Sport maşklaryny ýerine ýetirmegi endik edinen adamlaryň sagdyn iýmitlenmegi zerurdyr. Olaryň naharlary ýeňil, siňňitli bolmaly, naharyň düzümindäki beloklaryň, uglewodlaryň, ýaglaryň we beýleki peýdaly maddalaryň möçberi özara sazlaşmalydyr. Türgenleşikden soň beden myşsalarynda ýiti agyry peýda bolýan bolsa, ýyly suwly wannada az salym oturmak maslahat berilýär.

Täjigözel AKMYRADOWA.

S. A. Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy, TZB-niň işjeň agzasy.