Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

14.10.2023

Döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň iri hem-de öňdebaryjy pudaklarynyň biri nebitgaz ulgamyň döwrebap tehniki we tehnologik taýdan enjamlaşdyrmagyna giň şertler döredilýär. Täzelikde “Türkmengaz” Döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny üpjünleýiş müdirliginiň Marydaky ikinji bazasyna Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan täze tehnikalar — gaz berýän guýulary düýpli abatlamak üçin niýetlenilen kämil tehnologiýaly, özi ýöreýän göteriji buraw desgalary gelip gowuşdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda alnyp barylýan tutumly işleri döwrebaplaşdyrmak, ösdürmek, oňa innowasion tehnologiýalary sanly ulgamy ornaşdyrmak giň gerime eýe bolýar. Pudagyň edara-kärhanalarynyň tehniki binýadynyň häzirki zamanyň kämil tehnologiýaly, ýokary iş öndürijilikli tehnikalary, enjamlary bilen pugtalandyrylmagy ýurdumyzyň sebitlerinde täze baý nebitgaz gorly ýataklaryň açylmagyny, uglewodorod çig malynyň çykarylýan möçberleriniň artdyrylmagyny, önümleriň gaýtadan işlenilişiniň derejesiniň halkara kadalaryna laýyk getirilmegini şertlendirýär.

Hytaý Halk Respublikasynyň “Jereh” kompaniýasynyň önümi bolan ýokary tehnologiýaly buraw desgalary gaz berýän guýulary ýerasty hem düýpli abatlamak üçin niýetlenilendir. Täze desga gazly guýulary düýpli abatlamakda ozalky ulanylýan enjamlardan iş öndürijiliginiň has ýokarylygy bilen tapawutlanýar. Desganyň ýene-de bir aýratynlygy ol guýulary ýerasty we düýpli abatlaýyş işlerini bäş müň metr çuňluga çenli aralykda ýokary hilli geçirmeklige ukyplydyr. Doly awtomatlaşdyrylan bu tehnikanyň ýük göterijiligi bir ýüz segsen tonna deňdir. Guýularda abatlaýyş işleri geçirilende turbalary guýa goýbermek, ýokary galdyrmak we beýleki çylşyrymly işleri gysga wagtda, çalt amal edip bilmegi desganyň ýene-de bir bähbitli aýratynlygydyr. Bu bolsa guýynyň abatlanylýan möhletiniň dowamlylygyny gysgaltmaga ýardam berýär. Täze tehnikalarda sürüji üçin amatly iş şertleriniň bolmagy bellärliklidir.

Täze tehnikalar konserniň iri önümçilik düzümleri bolan “Marygazçykaryş”, “Döwletabatgazçykaryş”, “Lebapgazçykaryş” müdirliklerine bölünip berildi. Gazçylar pudagyň önümçiligini döwrebap ösdürmäge, döredilýän giň şertler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

Sapardurdy ÝAÝLYÝEW.
SURATDA: gazçylara gowşan täze tehnikalar.
Surata düşüren Azym Şekerow.