Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Arkadag şäheri — arzuwlar şäheri

20.01.2023

Dünýäniň iň gözel, ekologiýa taýdan arassa we “akylly” şäheri boljak Ahal welaýatynyň çäginde bina edilen Arkadag şäheri durmuş-ykdysady taýdan kämil we dünýä tehnologiýalarynda gazanylan üstünlikleriň ýaýbaňlandyrylan şäherine öwrüler.

Arkadag şäherinde “akylly öýler”, sport meýdançalary, teatrlar, kitaphanalar, çagalar baglary, orta mekdepler, ýokary okuw jaýlary, muzeýler, öňüni alyş, kesel bejeriş hassahanalary, athanalar, aýlawlar, “akylly ulgam” arkaly dolandyrylar. Çäksiz dolandyryş ulgamly şäher 70 müňe ýakyn ýaşaýjy üçin niýetlenen bolup, 950 gektar meýdany eýeleýär.

Bu ägirt taslamany berjaý etmäge Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda 2019-njy ýylda girişildi. Häzirki wagtda bu iş Arkadagly Serdarymyzyň parasatly syýasaty esasynda döredijilikli dowam etdirilýär. Şäheriň turuwbaşdan “akylly ulgam” bilen dolandyrylmagy ähli ýerde ylmyň gazanan tehnologiýalarynyň tebigat bilen sazlaşykly guralmagynyň aýdyň subutnamasydyr, bezeg baglarynyň aýratyn görnüşlerini özünde jemläp, ekologiýa syýasatynyň dünýä derejesinde mega taslama esasynda ýaýbaňlandyrylmagydyr.

Arkadag şäherinde howa zyýanly gazlaryň bölünip çykmagy aradan aýrylyp, arassa howanyň ynsan bedenine ýakymly täsiriniň duýulmagy, sagdyn ruhly ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has hem gowulandyrylmagyna gönükdirilendir. “Akylly şäherde” ähli hereketler elektrobuslaryň, Gün batareýalarynyň, ýel generatorlarynyň esasynda amala aşyrylar.

Arkadagly Serdarymyzyň ekologiýany dünýä derejesinde ägirt möçberli taslamalar esasynda ösdürmeginiň özeninde ähli adamzadyň saglygyny, dünýäniň arassa howaly abadançylygyny kepillendirmek, adatdan daşary ekologiki howplardan uzakda bolunmagyny gazanmak durýar. Şol bir wagtda hem halkyň asuda we ekologiýa taýdan arassa, abadan, bolelin ýaşaýşy, ykdysady durmuş goraglylygy gazanylyp, ösen aň-bilimli, öňdebaryjy tehnologiýaly jemgyýet ösdürilýär.

Ösüşlerden ösüşlere barýan, ak daňlara ataran, nurana geljegi nazarlaýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Gülälek ALLAKULYÝEWA.
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.