Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Ajap eýýamyň desgalary

14.10.2022

Üstümizdäki — Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň her güni guwançly wakalary bilen il-günümiziň kalbynda ýokary ruhubelentligi döredýär. Milli ykdysadyýetimizde gazanylýan zähmet üstünlikleri ýurdumyzyň ösüşli ýoluna kuwwatly itergi berýär. Şol bir wagtda önümçilik ýa-da durmuş-medeni maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygy hem çalt depginlerde dowam edýär. “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda-da döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işleriň bady barha artýar.

Golaýda bize ýene bir şatlykly wakanyň şaýady bolmak bagty miýesser etdi. Has anygyny aýtsak, Garagum derýasynyň 316-njy kilometrliginde, başgaça aýtsak, Gurbangala — Zähmet demir ýol böleginde ady agzalan derýanyň üstünden geçýän döwrebap demir ýol köprüsi ulanylmaga berildi. Gadymy halkymyzyň ýol, köpri gurmagy sogap iş hasaplamagy tötänden däldir. Sebäbi olar il-günüň peýdalanýan desgalarydyr.

Täze köprini guran gurluşykçylaryň sogap işleriniň ýerine düşendigini ýatlasymyz gelýär. Täze köpri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendemirýollary” agentliginiň buýurmasy esasynda guruldy. Bu täze desgany ady agzalan agentligiň “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň köprüleri gurmak boýunça 6-njy şahamçasynyň gurluşykçylary gurdular. Köpriniň Garagum derýasynyň üstünden geçýän böleginiň uzynlygy 200 metrdir. Gurluşyk işleriniň ýokary hilini aýratyn nygtamalydyrys.

Döwrebap köpriniň açylyş dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Bu ýerde milli gymmatlyklarymyzyň waspy ýetirilýän sergi ýygnananlaryň ünsüni özüne çekdi. Dabarada köpriniň gurluşygynda has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazlarynyň şirin owazy alyslara aşyp, dabara gatnaşýan ildeşlerimizde ýokary ruhubelentligi döretdi. Ajap eýýamymyzyň bu döwrebap desgasynyň ulanylmaga berilmeginiň dabaraly ýaňy ýeňişli ýolumyzyň rowaçlanýandygynyň ýene bir subutnamasy boldy.

A.MERGENOW.
SURATLARDA: täze köpriniň açylyşyndan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.