Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Il saglygy — ýurt baýlygy

08.07.2022

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda saglyk ulgamynda hem uly işler alnyp barylýar. Gözel Diýarymyzyň ähli ýerlerinde döwrebap hassahanalar, sagaldyş merkezleri, saglyk öýleri gurlup, ulanmaga berilýär.
Ynsan saglygyny goramak hem-de ony dikeltmek ugrunda Murgap etrabynyň Mülkýazy geňeşliginde ýerleşýän Gökleň oba saglyk merkeziniň işgärlerem jan aýaman zähmet çekýärler. Oba saglyk merkeziniň müdiri Nurberdi Sopyýew baý iş tejribesine daýanyp, ynsan saglygyny dikeltmek ugrunda agzybir işgärler bilen işleri döwrüň talabyna laýyk guraýar.
Nurberdi Sopyýewiň ýolbaşçylyk edýän saglyk merkezinde 4 sany maşgala meýdançasy bolup, ol ýerdäki eli ýeňil lukmanlardyr şepagat uýalarynyň hyzmatlaryndan hoşal bolýarlar. Iş tejribesi ýetik lukmanlar maşgala meýdançasynyň raýatlarynyň saglyklary ugrunda aladalanyp, olaryň kadaly iýmitlenmegi, sport bilen yzygiderli meşgullanmagy, pasla görä geýinmegi, arassaçylyk düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý edip, ýokanç kesellerden goranmagy maslahat berýärler.

A. ÝAGMYROWA.
SURATDA: oba saglyk merkeziniň müdiri Nurberdi Sopyýew şepagat uýasy Maýa Nuryýewa bilen özara pikir alyşýar.
Surata düşüren Çary AMANGELDIÝEW.