Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Sanly ulgamyň gadamlary

04.03.2022

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, şol sanda bu ulgamy kadalaşdyryş-hukuk ýagdaýy bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň tassyklanandygyny bellemek gerek.
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topary döretmek hakynda” Karara gol çekmegi hem bu ulgamda möhüm ädimleriň biri boldy. Onuň baş maksady bu ugurda möhüm wezipeleri çözmekden ybaratdyr. Şol sanda, bu toparyň düzümi we onuň Düzgünnamasy tassyklanyldy. Bu bolsa ýurduň has-da ösmegine uly itergi berýär.
Ýurdumyzda we dünýä ýüzünde parahatçylygy, dostlugy we agzybirligi berkitmekde uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, alyp barýan bähbitli başlangyçlary elmydama rowaç bolsun!

Saýlaw MOMMOKOW.
Türkmenistanyň döwlet Energetika institutynyň mugallymy.