Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

09.11.2021

Akyl-paýhas, ylym-bilim — her bir ýurduň öňegidişliginiň we kuwwatynyň iň esasy çeşmesi. XXI asyr, sözüň hakyky manysynda, ylym asyry hökmünde badalga aldy. Ylym-bilim ulgamy jemgyýetçilik ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Bu gün ylym--bilimiň kömegi bilen awtomatik tilsimatlar, maksatnamalaýyn dolandyrylýan kuwwatlyklar, kompýuterleşdirilen enjamlar ynsanyň bähbidine gulluk etdirilýär. Öň agyr hasaplanylýan hünärler bu gün düýpgöter ýeňilleşýär. Ykdysadyýet, tehnika, dolandyryş, umumy durmuş bilimi, ylmy gitdigiçe köp talap edýär. Öňki oba hojalyk ýurtlary senagatlaşýan döwletlere öwrülýärler, senagat taýdan ösen döwletler bolsa sanly ykdysadyýete geçýärler. Sanly ykdysadyýet — bu senagat önümçiligini we hojalygyň beýleki pudaklaryny programma üpjünçiligi arkaly dolandyrmakdyr. Bu önümçilikde we täjirçilikde, ylymda we gündelik durmuşda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny peýdalanmakdyr.
Sanly tehnologiýalar ölçemegiň çakdanaşa takyk usullaryny ulanmak arkaly senagat önümçiligini çaltlandyrýarlar. Iňňän gysga möhletlerde ýokary hilli önümleri has köp öndürip, senagatçylar bu önümleri bütin dünýä ýaýratmaga mümkinçilik alýarlar, netijede, olaryň bäsdeşlige ukyplylygy artýar.
Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça aýgytly başlangyçlara badalga berildi. Şu ýylyň fewralynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly meseleleriň döwlet syýasatymyzyň möhüm ugruna öwrülendigini belläp geçdi. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin, onuň hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň möhüm mesele bolup durýandygyny milli Liderimiz nygtady. Şondan ugur alnyp, deputatlaryň garamagyna «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi. Şeýlelikde, bu taryhy ähmiýetli Kanunyň kabul edilmegi bilen milli ykdysadyýetimiziň pudaklary bilen bir hatarda, döwlet we ýerli häkimiýeti dolandyryş ulgamynda hem sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagynyň we ösdürilmeginiň ygtybarly kadalaşdyryş-hukuk binýady döredildi. Ýurdumyzy sanly ykdysadyýete geçirmegiň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen maksatnamasyna laýyklykda, üstümizdäki ýyl bu maksatnamany amala aşyrmagyň iňňän möhüm ähmiýetli, jogapkärçilikli wezipeleriň durmuşa geçirilýän aýgytly döwri bolýar. Bu ýylyň dowamynda ähli ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalarda elektron resminama dolanyşygy ulgamy we Internet web-saýtlary döredildi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça geçen ýylda işe girizilen «Bir penjire» atly Döwlet hyzmatlarynyň e.gov.tm internet portaly ýurdumyzyň raýatlaryna we işewürlik düzümlerine elektron görnüşindäki döwlet hyzmatlaryny etmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Döwlet we ýerli häkimiýeti dolandyryş ulgamynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň dolandyryşyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmaga ýardam etmek bilen, özüniň has amatlylygyny we netijeliligini gysga wagtyň dowamynda aýdyň görkezjekdigi şübhesizdir. Şunuň bilen baglylykda, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň birinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň çäklerinde fiziki we ýuridiki şahslara hödürlenýän hyzmatlaryň elektron Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portalyna ýerleşdirmek boýunça welaýat häkimligi tarapyndan degişli işler geçirilýär. Muňa mysal edip, welaýat häkimliginiň resmi internet web-saýtyny (www.maryhakimlik.gov.tm) almak bolar.
Bu saýtda welaýatymyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndan habar berýän wakalar, welaýatymyzyň çäginde geçirilýän medeni çäreler, medeniýet, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda bolup geçýän täzelikler, senagatda, oba hojalygynda, hususy eýeçilikde gazanylan üstünlikler, welaýat çäginde açylyp, ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaýlary, mekdepler we beýleki durmuş maksatly desgalar barada maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik bar. Bu saýtyň okyjylary welaýat häkimligi hem-de şäher, etrap häkimlikleri barada maglumatlar bilen hem tanşyp bilýärler. Welaýatymyzda welaýat häkimligi bilen şäher, etrap häkimlikleriniň arasynda sanly wideoşekilli aragatnaşyk ulgamy hereket edýär.Häzirki wagtda welaýat häkimliginde elektron resminamalar dolanyşygy ornaşdyryldy.
Ýurdumyzda ykdysadyýetiň we dolandyryşyň sanly ulgamyna geçmek boýunça wezipeler döwlet Baştutanymyz tarapyndan has-da aýdyňlaşdyrylyp, barha işeňňir häsiýete, anyk ugurlara we güýçli depginlere eýe bolýar. Milli Liderimiz ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş ulgamlaryny we resminama dolanyşygyny sanlylaşdyrmagyň anyk çärelerini bellemek üçin degişli ulgamlaryň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Şonda hormatly Prezidentimiz bu ulgamlarda sanly ulgama geçilmeginiň artykmaçlyklaryny belläp geçdi.

Dursun HOJANIÝAZOWA.
Welaýat häkimliginiň maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar bölüminiň baş hünärmeni.